Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Belarus Serhedinde Başlady

“Ylalaşyk iki tarap üçin hem bähbitli bolar”

1787025
Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Belarus Serhedinde Başlady

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky şertsiz gepleşikler Belarus serhedinde başlady.

24-nji fewralda başlan rus hüjümleriniň 5-nji gününde ünsler Russiýa-Ukraina gepleşiklerine gönükdi.

Russiýaly we Ukrainaly wekiliýetleriň arasynda Ukraina-Belarus serhedinde geçirilýän gepleşikleriň gün tertibi rus hüjümleriniň bes edilmeginden ybarat.

İnterfaks habarlar gullugy, Russiýanyň Ukraina bilen gysga wagtda ylalaşyk gazanylmagyny isleýändigini habar berdi.

Habarda “Ylalaşyk iki tarap üçin hem bähbitli bolar” diýildi.

Ukraina, hüjümleriň bes edilmegini we rus goşunlarynyň ýurdundan çykarylmagyny isleýär.



Degişli Habarlar