“Öňümizdäki 24 Sagat Ukraina Üçin Diýseň Möhüm”

Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde, öňümizdäki 24 sagadyň Ukraina üçin diýseň möhümdigine ynanýandygyny aýtdy.

1786757
“Öňümizdäki 24 Sagat Ukraina Üçin Diýseň Möhüm”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde “Öňümizdäki 24 sagat Ukraina üçin diýseň möhüm” diýdi.

Britaniýa tarapyndan berlen beýannamada, Jonsonyň Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we rus harby hüjümleri hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýannamada, Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň, 24-nji fewralda başlan rus basyp alyşlygyndan soň ukrainanyň halkynyň batyrgaýlygy we Zelenskiniň bu ynjyk etapda alyp barýan tutanýerli tutumy hakynda öwgüli sözler aýdandygy bellenildi.

Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde, öňümizdäki 24 sagadyň Ukraina üçin diýseň möhümdigine ynanýandygyny aýtdy.

Boris Jonson hem Britaniýanyň hyzmatdaşlary bilen birlikde Ukraina berýän goranyş kömeginiň artdyrylmagy üçin elinden geleni etjekdigine ünsi çekdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar