Germaniýa, Belgiýa we Fransiýa Ukraina ýarag taýdan kömek berer

Germaniýa Ukraina 1 müň sany taňka garşy raketa we 500 sany Stinger raketa ugratjakdygyny habar berdi

1786328
Germaniýa, Belgiýa we Fransiýa Ukraina ýarag taýdan kömek berer

Germaniýanyň hökümediniň Metbugat geňeşçisi Şteffen Hebestarýt beren ýazmaça beýanatynda, Germaniýanyň hökümediniň Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine goldaw bermek maksady bilen ýurdyň goşunynyň ätiýajyndan 1 müň sany taňka garşy raketa we 500 sany Stinger raketa ugratjakdygyny belläp: "Ýaraglar iň gysga wagtda Ukraina gowşurylar" diýip mälim etdi. 

Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjüminiň öwrülişik nokadydygyny nygtap: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň basyp alyjy goşunyna garşy elimizden geldigi saýyn Ukrainanyň özüni goramagyna goldaw bermek biziň wezipämizdir. Germaniýa Ukrainanyň ýanyndadyr" diýip belläpdi. 

Germaniýanyň hökümediniň Ukraina ýarag ugratmagy ýurdyň syýasatynda syýasatyň üýtgändigi manysyny berýär. Germaniýa ozallar söweş we krizis bolan sebitlere ýarag ugratmagy ret edýärdi. 

Belgiýanyň Premýer ministri Aleksandr De Kroo, Ukrainanyň ýarag kömeginiň berilmegi baradaky talabyny kanagatlandyrjakdyklaryny beýan etdi. 

Resmi Brýussel Ukraina harby enjam, 2 müň sany awtomatiki ýarag bilen 3 müň 800 tonna ýangyç ugradar. 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanul Makronyň ýolbaşçylygynda geçirilen Goranmak we howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynyň netijesinde Fransiýa Ukraina harby enjam ugratjakdygy, bu ýurda ýangyç babatynda hem kömek beriljekdigi beýan edildi. 

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby operasiýa başladypdy.  



Degişli Habarlar