“Putine Goldaw Bermäge Dowam Ederis”

Nikolas Maduro, Ukraina meselesinde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine goldaw berýändigini aýtdy.

1783395
“Putine Goldaw Bermäge Dowam Ederis”

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, Ukraina meselesinde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine goldaw berýändigini aýtdy.

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýannama berem Maduro, rus halky bilen dostlukly gatnaşyklarynyň dowam etjekdigini nygtap, “Wenesuela, Putine we Russiýa goldaw berýär” diýdi.

Maduro, ABŞ bilen NATO-nyň Russiýany harby hüjümler bilen ýok etmek isleýändigini, Russiýanyň bolsa sebitde parahatçylyga goldaw berýändigini belledi.

Geçen hepde Russiýanyň Wise-premýeri Ýuri Borisowy kabul eden Maduro, “Wenesuela hemişe Putine, Russiýa we rus halkyna goldaw bermäge dowam eder” diýipdi.

 

 



Degişli Habarlar