Germaniýa Demirgazyk Akym-2 Turba Geçirijisiň Tassyklanyş Etabyny Saklady

Şols, Russiýanyň seperatist Donesk we Lugansk Halk Respublikalaryny ykrar etmegini tankyt

1783108
Germaniýa Demirgazyk Akym-2 Turba Geçirijisiň Tassyklanyş Etabyny Saklady

Germaniýanyň Federal Kanslari Olaf Şols, rus gazyny Germaniýa getirjek Demirgazyk Akym-2 tebigy gaz turba geçijisiniň tassyklanyş etabynyň saklanmagy barada görkezme berdi.

Şols Irlandiýanyň Premýer-ministri Mişel Martin bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda, Russiýanyň seperatist Donesk we Lugansk Halk Respublikalaryny ykrar etmegini tankyt etdi.

Şols “Russiýanyň Döwlet Ýolbaşçysy Putin BMG-nyň şertini we halkara hukugyny basgylaýar” diýdi.

Russiýanyň kararyna degişli jogabyň berilmelidigini nygtan Şols “Germaniýanyň Energetika gullugyna, Rus-Nemes Demirgazyk Akym-2 tebigy gaz turba geçirijisiniň tassyklanyş etabynyň saklanmagy barada görkezme berdim” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri sebitde ýagdaýyň howplydygyna we Russiýa serhetde Ukrainany basyp almaga ýetjek esgeriniň bardygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar