ÝB, Ukraina 1,2 Milliard Ýewrolyk Kredit Berer

ÝB, Ukraina 2014-2021-nji ýyllaryň aralygynda 5 milliard ýewrolyk kredit berdi.

1782231
ÝB, Ukraina 1,2 Milliard Ýewrolyk Kredit Berer

ÝB-ne agza ýurtlar, Russiýa bilen dartgynly günleri başdan geçirýän Ukraina 1,2 milliard ýewrolyk kreditiň berilmegini tassyklady.

ÝB Geňeşi, ÝB Komissiýasy tarapyndan taýarlanan teklibiň agza ýurtlar tarapyndan kabul edilendigini mälim etdi.

Karara laýyklykda Ukraina1,2 milliard ýewrolyk kredit goldawy iki bölek görnüşinde berler.

Ady agzalýan kredit goldawy geçen hepde Ýewropa Parlamentinde kabul edilipdi.

ÝB, Ukraina 2014-2021-nji ýyllaryň aralygynda dürli makro ykdysady maksatnamanyň çäginde häzire çenli 5 milliard ýewrolyk kredit berdi.


Etiketkalar: #kredit , #Ukraina , #ÝB

Degişli Habarlar