Siriýa, Putiniň Lugansk we Donesk Baradaky Kararyna Goldaw Berýär
Mikdad, Russiýa tarapyndan ykrar edilen ekstremistler bilen hyzmatdaşlyk etjekdiklerini belledi.

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky hökümetiň Daşary işler ministri Faýsal Al Mikdad, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Donesk we Lugansk Halk Respublikalaryny ykrar edýän kararyna goldaw berýändiklerini we ady agzalýan ekstremist ulgam bilen hyzmatdaşlyk etjekdiklerini mälim etdi.
Siriýada Başar Asada tabynlykdaky hökümetiň habarlar gullugy SANA-nyň berýän habaryna görä, iş sapary bilen Moska baran Mikdad, Putiniň Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Donbass sebiti hakyndaky karary barada durup geçdi.
Ady agzalýan karara goldaw berýändiklerini nygtan Mikdad, Russiýa tarapyndan ykrar edilen ekstremistler bilen hyzmatdaşlyk etjekdiklerini belledi.
Siriýanyň hökümeti, 2018-nji ýylyň maý aýynda Grusiýadan bir taraply ýagdaýda garaşsyzlygyny yglan eden Russiýa tarapyndan goldanýan ekstremist Abhaziýa we Günorta Osetýa sebitlerini hem ykrar edipdi.
Degişli Habarlar

Russiýanyň Ukraina Guraýan Hüjümleri Dowam Edýär
Konaşenkow, Ukrainanyň harby goşunyna degişli howa menziline hüjüm edendiklerini mälim etdi.

Eýran: "Ysraýyl bilen arabaglanşykly terrorçylykly topar tussag edildi" diýdi
Eýranda Ysraýyl bilen arabaglanşykly terrorçylykly toparyň tussag edilendigi habar berildi