Russiýa Doneskiň we Luganskyň Garaşsyzlygyny Ykrar Etdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin: “Rus parlamenti Doneskiň we Luganskyň garaşsyzlygyny goldaýar” diýdi.

1782550
Russiýa Doneskiň we Luganskyň Garaşsyzlygyny Ykrar Etdi

Putin, Donbassyň taryhy taýdan Russiýanyň bir bölegini emele getirýändigini aýtdy.

Wladimir Putin halka ýüzlenip çykyş etdi.

Ukrainanyň gündogarynyň taryhy rus territoriýasydygyny beýan edip, taryhy taýdan Rus imperiýasynyň bir bölegini emele getirýän ýerleri bermeli bolandyklaryny nygtan Putin; “Geçmişi özgertmek mümkin däl, emma hakykatlary aýtmak gerek” diýdi.

“Döwrebap Ukraina Russiýa tarapyndan guruldy” diýen Putin; “Ukrainany daşarky güýçler dolandyrýar, möhüm kararlary günbatarlylar berýär, halk talanýar” diýdi.

Russiýanyň lideri Ukrainanyň özleri üçin diňe bir goňşy däl, rus taryhynyň bir bölegini emele getirýändigini, ukrainalylaryň bolsa ýoldaşlary hem-de garyndaşlarydygyny aýtdy.

Wladimir Putin; “Donbassdaky agressiýanyň” bes edilmelidigini, eger şeýle bolman halatynda jogapkärçiligiň Ukrainada boljakdygyny sözleriniň üstüne goşdy.

“Günbatarly kärdeşlerimiz bilen gepleşik geçirmäge taýýar” diýen Putin, “emma talaplarymyz kabul edilmeli” diýdi.

Halka ýüzlenip çykyş eden Putin, Ukrainanyň gündogaryndaky rus tarapdary separatistleriň dolanşyk diýilýän ulgamynyň ykrar edilmegi hakyndaky karara gol çekip, tassyklanmagy üçin Parlamentiň garamagyna hödürledi.

Bäş maddadan ybarat bolan kararlarda, Putiniň Russiýanyň ýaragly güýçlerine Donesk we Lugansk Halk Respublikalarynda parahatçylygyň goralmagy üçin iş alyp barmak boýunça görkezme berendigi beýan edildi.

Putin Russiýanyň Daşary işler ministrligine hem Donesk we Lugansk bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy boýunça şertnamalara gol çekişilmegi üçin tabşyryk berdi.

Kararlaryň gol çekilen gününden başlap güýje girendigi habar berildi.

 



Degişli Habarlar