Jonson: "Russiýa 1945-den bäri Ýewropadaky iň uly söweşi meýilleşdirýär" diýdi

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Russiýanyň Ýewropada 1945-nji ýyldan bäri iň uly söweşi meýilleşdirýändigini görkezendigini habar berdi

1781705
Jonson: "Russiýa 1945-den bäri Ýewropadaky iň uly söweşi meýilleşdirýär" diýdi

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, BBC kanalyna beren beýanatynda: "Hakykat käbir alamatlar, meýilnamanyň käbir taraplardan eýýäm ozaldan başlamagyndan ybaratdyr" diýip mälim etdi. 

Razwedka maglumatlarynyň Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewi basyp almak niýetindedigini görkezýändigini aýdan Jonson, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Günbatar döwletleriniň liderlerine, razwedkanyň Russiýanyň harby güýçleriniň Ukraina diňe gündogardan, ýagny Donbassyň üsti bilen däl, eýsem Belarussiýanyň we Kiýewiň töwereginden sebite girmegi meýilleşdirýändigini aýdandygyny habar berdi. 

"Meýilnama 1945-nji ýyldan bäri Ýewropadaky iň uly söweş bolup biler" diýen Jonson, adamlaryň diňe ukrainalylaryň däl, eýsem şol bir wagtda ýaş ruslaryň hem ýitgilerini göz öňünde tutumaklarynyň gerekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar