Polşa ilkinji ýadro reaktoryny özgertmek boýunça ABŞ bilen ylalaşdy

Polşanyň ilkinji ýadro reaktoryny özgertmek üçin ABŞ bilen ylalaşyk baglaşandygy habar berildi

1779461
Polşa ilkinji ýadro reaktoryny özgertmek boýunça ABŞ bilen ylalaşdy

Polşanyň Wise-premýeri Ýasek Sasin, Polşanyň KGHM Polska Miedź S.A kärhanasy bilen ABŞ-na degişli NuScale Power kärhanasynyň arasynda ylalaşyk baglaşylandygyny mälim etdi. 

Sasin ylalaşyk bilen bagly: "Polşanyň gelejegi üçin taryhy bir waka, ýurdumyzda ýadro energiýa üçin edilen dogry bir ädim" diip habar berdi. 

Gol çekilşik dabarasyna gatnaşan KGHM Polska Miedź S.A kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Marçin Hludzinski, ylalaşygyň iň ir 2029-njy ýylda güýje girjekdigini we 100 göterim uglerodsyz energiýa taslamasyna öňbaşçylyk etmekden bagtyýardygyny beýan etdi. 

Elektrik tok önümçiliginiň 70 göterimini kömür bilen üpjün edýän we ÝB-de kömüre garaşlylygy iň ýokary ýurt bolan Polşada elektrik toklaryň bahalarynyň artýandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar