Somalide Ertiriň Irki Sagatlarynda Bombaly Hüjümler Guraldy

Hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

1779469
Somalide Ertiriň Irki Sagatlarynda Bombaly Hüjümler Guraldy

Somaliniň paýtagty Mogadişuda ertiriň irki sagatlarynda bombaly hüjümler guraldy.

Kahda howpsyzlyk merkeziniň golaýynda we Ýagşid etrapçasynda bombaly hüjümiň guralandygy habar berildi.

Bombaly hüjümlerden soň ýaragly çaknyşyk sesleri eşidildi.

Hüjümlerde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy hakynda heniz hiç hili maglumat berilmedi.

Hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.


Etiketkalar: #bombaly hüjüm , #Somali

Degişli Habarlar