Awstriýa diplomatlaryny Ukrainadan çykaran ýurtlara nägilelik bildirdi

Awstriýa Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyk sebäpli ABŞ başda bolmak bilen käbir ýurtlaryň diplomatlaryny Kiýewden çekmeklerine reaksiýa bildirdi

1779026
Awstriýa diplomatlaryny Ukrainadan çykaran ýurtlara nägilelik bildirdi

Awstriýanyň Daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg, Russiýa-Ukraina dartgynlygy bilen bagly Germaniýanyň metbugatyna beýanat berdi. 

Russiýanyň bolmagy ähtimal gatyşma sebäp görkezilip diplomatlaryny Ukrainanyň paýtagty Kiýewden çykarmak baradaky karar kabul eden ýurtlary tankyt eden Şallenberg: "Diplomatlaryňyzy möhletinden ir wagtda çekseňiz onuň Ukrainadaky adamlarda şübhe döretjek bir alamat boljakdygyny pikir edýärin" diýip mälim etdi. 

Şallenberg bu gowşak tapgyrda awstriýaly diplomatlaryň mümkin boldygy saýyn Ukrainada galmaga dowam etjekdigini aýan etdi. 

Germaniýanyň dartgynlyga bolan çemeleşmesini goldaýandyklaryny aýdan Şallenberg, Awstriýanyň Ukraina ýarag ugratmajakdygyny mälim etdi. 

Awstriýanyň Daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg iki ýurdyň arasyndaky dartgynlyk bilen bagly ulanylýan sözlere üns berilmeginiň gerekdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar