ÝB: "Ukrainadaky diplomatik missiýalarymyz ýapylmaýar" diýdi
Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Ukrainadaky diplomatik missiýalaryň ýapylmaýandygyny habar berdi
ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrell, ÝB-niň adyndan beren beýanatynda Ukraina garşy howplaryň çäginde hereketlerini agza ýurtlar bilen sazlaşyk içinde alyp barýandyklaryny mälim etdi.
Žozep Borrell: "Diplomatik missiýalarymyz ýapylmaýar. Missiýalarymyz Kiýewde galmaga, ÝB-niň raýatlaryny goldamaga we Ukrainanyň resmileri bilen koordinasiýa içinde bolmak üçin işlemäge dowam edýär" diýip aýan etdi.
ÝB raýatlarynyň Ukraina syýahatlary bilen baglanşykly beýannamalar we ÝB-niň işgärleriniň Ukrainadaky barlygy bilen bagly howpsuzlyk düzedişleriniň geçirilýändigini aýdan Borrell, ÝB-niň Ukraina goldaw berýändigini belledi we Russiýanyň harby güýçlerini serhetden çekmek baradaky çagyryşyny gaýtalady.
Günbataryň metbugatynda berilen habarlarda, ÝB-niň Russiýa bilen başdan geçirilýän dartgynlygyň artmagyny sebäp görkezip, Ukrainadaky diplomatik işgärleriň ýurtdan çykmagyny isleýändigini beýan etdi.
ABŞ we Beýik Britaniýa başda bolmak bilen ençeme ýurt raýatlarynyň we diplomatlaryň bir böleginden Ukrainany terk etmeklerini isledi.
ABŞ-ly resmiler Russiýanyň Ukrainany gysga wagtyň içinde basyp almaga taýarlanýandygyny öňe sürüpdi.
Degişli Habarlar
Doha forumy 2024 öz işine başlaýar
Doha forumy 7-nji dekabrynda Kataryň paýtagtyndaky Şeraton myhmanhanasynda öz işine başlar.