Russiýa Bilen Belarusyň Harby Türgenleşik Geçirjek Günlerinde Ukraina Hem Türgenleşik Geçirer

Russiýa bilen Belarusyň geçirjek “Hyzmatdaşlyk-2022” türgenleşigi 10-njy fewralda başlar.

1775368
Russiýa Bilen Belarusyň Harby Türgenleşik Geçirjek Günlerinde Ukraina Hem Türgenleşik Geçirer

Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksiý Reznikow, Russiýa bilen Belarusyň birlikde harby türgenleşik geçirjek günlerinde Ukrainanyň harby goşunynyň hem türgenleşik geçirjekdigini habar berdi.

Ministr Reznikow, Ukrainanyň ICTW kanalyna beren beýannamasynda, Russiýa bilen Belarusyň fewral aýynyň 10-20-i aralygynda birlikde harby türgenleşik geçirjekdigini ýatlatlatdy.

Ukrainanyň hem harby türgenleşik geçirmek üçin taýarlyk görýändigini nygtan Reznikow, “Biz hem ady agzalýan türgenleşigiň geçiriljek günlerinde harby türgenleşik geçireris. Türgenleşiklerde Baýraktar uçarmansyz howa ulaglary we NLAW tank ulgamlary synagdan geçirler” diýdi.

Russiýa bilen Belarusyň geçirjek “Hyzmatdaşlyk-2022” türgenleşigi 10-njy fewralda başlar.

Russiýa tarapyndan berlen resmi beýannamalara görä, Belarusa türgenleşik üçin iki S-400 howa goranyş ulgamlary, Su-35 harby uçarlary, Pantsir-S howa goranyş ulgamlary ugradyldy.



Degişli Habarlar