Afrika Ýurtlary Guraklyga Garşy Göreşýär

Guraklyk sebäpli 13 million adam açlyga sezewar

1775345
Afrika Ýurtlary Guraklyga Garşy Göreşýär

Afrikada 1981-nji ýyldan bäri guraklygyň dowam edýändigi we guraklyk sebäpli 13 million adamyň açlyga sezewardygy nygtaldy.

Bütindünýä Azyk maksatnamasyndan berlen beýannamada Efiopiýada, Keniýada we Somalide 13 million adamyň üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda açlyga sezewar bolup biljekdigi nygtaldy.

Guraklyk sebäpli azyk ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigi we halkyň öýlerini terk edýändigi bellenildi.

Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Afrikadan jogapkär ýolbaşçysy Mişel Dunford, krizisiň öňüniň alynmagy üçin gyssagly ynsanperwer kömeginiň berilmelidigine ünsi çekdi.

Bütindünýä Azyk maksatnamasy 6 aýda 4,5 million adama ýardam berilmegi üçin 327 million dollaryň gerekdigini belledi.

2011-nji ýyldaky guraklyk we azyk ýetmezçiligi sebäpli Somalide 250 müň adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #Somali , #Efiopiýa , #guraklyk , #Afrika

Degişli Habarlar