Belarus, Siriýa 200 Esger Ugradar

Russiýa bilen Belarusyň arasynda gazanylan ylalaşyga görä, belarus esgerleri söweşiň daşyndaky zolaklarda halka ynsanperwer kömegini paýlar.

1775050
Belarus, Siriýa 200 Esger Ugradar

Belarus, ýurtdaky rus güýçleriniň ýanynda hyzmat etmek üçin Siriýa 200 esger ugratmagy meýilleşdirýär.

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin tarapyndan tassyklanan, Russiýa bilen Belarusyň arasynda gazanylan ylalaşyga görä, belarus esgerleri söweşiň daşyndaky zolaklarda halka ynsanperwer kömegini paýlar.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, 3-nji fewralda Belarus bilen şu ýyl 20-den gowrak harby türgenleşik geçirjekdiklerini aýdypdy.

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen paýtagt Kiýewde duşuşan Şoýgu, Russiýa bilen Belarusyň fewral aýynyň 10-20-y aralygynda harby türgenleşik geçirjekdigini mälim edipdi.

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko hem ady agzalýan türgenleşikler bilen Ukraina serhedini güýçlendirmegi maksat edinýändiklerini belläpdi.


Etiketkalar: #ylalaşyk , #esger , #Russiýa , #Belarus

Degişli Habarlar