Perunyň täze Premýer ministri wezipesinden çekildi

Peruda 31-nji ýanwarda wezipesinden çekilen ýurdyň Premýer ministri Mirta Waskesiň ýerine bellenen täze Premýer ministr Hektor Waler hem wezipesinden çekildi

1774188
Perunyň täze Premýer ministri wezipesinden çekildi

Hektor Waler, ýurdyň Döwlet baştutany Pedro Kastillonyň Ministrler kabinetiniň düzümini täzelejekdigini aýtmagyndan 1 gün soň wezipesinden çekilendigini habar berdi. 

Kastillonyň ýurduň başyna geçmeginiň 6-njy aýynda Premýer ministr wezipesine bellenen 3-nji adam bolan Waler, özünüň rehimsizdigini aýdan medianyň nyşanasyna sezewar galandygyny mälim etdi. 

Metbugatda berilen habarlarda, Waleri fiziki agressiýa ulanmak bilen günükärleýän aýalynyň we gyzynyň Polisiýa edarasyna beren arzalary çap edilipdi. 

Waler 3-nji fewralda ýurdyň ozalky Premýer ministri Mirta Waskesiň ýerine bellenip, kasam edipdi. 



Degişli Habarlar