Fransiýada ýadro desgasynda ýüze çykan ýangyn gözegçilik astyna alyndy

Fransiýanyň günortasyndaky Krua-Meýs ýadro bekedinde düýn ýüze çykan ýangyn gözegçilik astyna alyndy

1774748
Fransiýada ýadro desgasynda ýüze çykan ýangyn gözegçilik astyna alyndy

France Bleu tarapyndan berilen habara görä, döwlete degişli elektrik önümçilik we paýlanşyk kärhanasy EDF-niň Krua-Meýsde ýerleşýän ýadro bekedinde, maşyn otagynyň howa çalşygy kanalynda ýüze çykan ýangyn sebäpli ýangyn duýduryşy berildi. 

Ýadro bekedine gönükdirilen 3 ýangyn söndüriji topar we EDF topary, ýüze çykan ýangyny 1,5 sagadyň içinde gözegçilik astyna aldy. 

EDF-niň resmileri geçirilen ilkinji derňewlere görä reaktoryň howa çalşygy kanalynyň eräp, tüsse çykmagyna sebäp bolandygyny, kanalyň çalşylmagynyň gerekdigini, emma onuň elektrik tok önümçiligine täsir ýetirmejekdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar