ABŞ, Ýaponiýa we Günorta Koreýa, Demirgazyk Koreýanyň Ýadro Maksatnamasyny Ara Alyp Maslahatlaşar

Demirgazyk Koreýa, 2022-nji ýylyň başyndan bäri 7 raketa synagyny geçirdi.

1774361
ABŞ, Ýaponiýa we Günorta Koreýa, Demirgazyk Koreýanyň Ýadro Maksatnamasyny Ara Alyp Maslahatlaşar

ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň wekilleri, Demirgazyk Koreýanyň ýadro maksatnamasy meselesini ara alyp maslahatlaşar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannama görä, ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa boýunça ýörite wekili Sung Kim, Demirgazyk Koreýanyň geçiren balistiki raketa synaglaryndan soň fewral aýynyň 10-15-i aralygynda Gonoluluda Ýaponiýanyň we Günora Koreýanyň wekili bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirer.

Duşuşykda, Demirgazyk Koreýanyň ýadro maksatnamasy meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Demirgazyk Koreýa, 2022-nji ýylyň başyndan bäri 7 raketa synagyny geçirdi.



Degişli Habarlar