Awstriýada başdan geçirilen harsaň sebäpli ýogalanlaryň sany artdy

Awstriýanyň Şweýsariýa serhediniň golaýyndaky Tirol welaýatynyň Spiss we Şmirn sebitlerinde düýn başdan geçirilen harsaň sebäpli ýogalanlaryň sany 8 adama ýetdi

1774012
Awstriýada başdan geçirilen harsaň sebäpli ýogalanlaryň sany artdy

Tirol Gözegçilik merkezinden metbugata berilen beýanatda, sebitde 30-dan gowrak ýerde harsaň apatynyň başdan geçirilendigi habar berildi.  

Spiss sebitinde bolan harsaň sebäpli 7 adamyň ýogalandygy, ol ýere ýakyn bolan Şmirn sebitinde bolsa 5 türgeniň garyň aşagynda galandygy, wakada 1 adamyň ýogalandygy, 4 adamyň bolsa agyr ýaraly ýagdaýda golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alynandyklary mälim edildi.  

Soňky 24 sagatda harsaň sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 8 adama ýeten sebitde, resmiler başgada harsaň apatlarynyň başdan geçirilip bilinjekdigi barada duýduryş berdiler. 

Harsaň apatynda ýogalan adamlaryň şahsyýetleriniň entek anyklanmandygy bellenen beýanatda, sebitiň ençeme ýerinde harsaň apatynyň başdan geçirilmegi sebäpli Awstriýaly we Şweýsariýaly toparlaryň gözleg we halas ediş işlerini dowam etdirýändikleri mälim edildi. 


Etiketkalar: #harsaň , #Awstriýa

Degişli Habarlar