ABŞ: "Russiýanyň Ukrainany basyp almagy 50 müň adamyň ýogalmagyna sebäp bolup biler" diýdi

ABŞ-nyň goşuny we razwedka gulluklarynyň resmileri, Kongrese we ýewropaly hyzmatdaşlaryna Ukraina-Russiýa krizisi barada brifing berdi

1774184
ABŞ: "Russiýanyň Ukrainany basyp almagy 50 müň adamyň ýogalmagyna sebäp bolup biler" diýdi

ABŞ-nyň goşuny we razwedka gulluklarynyň resmileri Russiýanyň Ukrainany basyp alan halatynda 50 müň adamyň ýogalyp biljekdigini we 5 million adamyň bosgun ýagdaýa gelip biljekdigini habar berdiler. 

ABŞ-nyň mediasynda berilen habarlara görä, ABŞ-nyň goşuny we razwedka gulluklarynyň resmileri, Kongrese we ýewropaly hyzmatdaşlaryna Ukraina-Russiýa krizisi barada brifing berdiler. 

Russiýanyň Ukrainany giň gerimli basyp almak üçin taýarlyklaryny tamamlap barýandygyny aýdan resmiler, Russiýanyň Ukrainany basyp alan halatynda 50 müň adamyň ýogalyp biljekdigini we 5 million adamyň bosgun ýagdaýa gelip biljekdigini mälim etdiler. 

Ýurdyň paýtagty Kiýew şäherindäki hökümediň 2 günüň içinde ýykylyp biljekdigini aýdan resmiler, Ukraina serhedinde her biri takmynan 750 esgerden ybarat jemi 83 rus batalýonyň bardygyny beýan etdiler. 



Degişli Habarlar