Ekwadorda Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany Artdy

Ekwadorda soňky 19 ýylyň iň köp ýagyşy ýagdy.

1773857
Ekwadorda Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany Artdy

Günorta Amerikada ýerleşýän Ekwadorda 31-nji ýanwarda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde ýogalanlaryň sany 27 adama ýetdi.

Ekwadoryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinin berýän habaryna görä, ýurtda soňky 19 ýylyň iň köp ýagyşy ýagdy.

Aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apatynda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Sil apatynda ýogalanlaryň sany 4 adam artdyp 27-ä ýetdi. Apatda 2 adamyň hem dereksiz ýitendigi bellenildi.

Ýurtda oktýabr aýyndan bäri sil apaty sebäpli 44 adam ýogaldy, 77 adam ýaralandy, 686 adam öýsüz galdy, 5 müň 848 adamyň ýaşaýan ýaşaýyş jaýyna hem zeper ýetirildi.



Degişli Habarlar