ABŞ Ylalaşyga Dolanmak Üçin Birnaçe Hepdäniň Galandygyny Beýan Etdi

ABŞ Eýran bilen ýadro gepleşikleri boýunça soňky tapgyra gelendiklrini, Eýran birnäçe hepdäniň dowamynda ylalaşyga dolanyp gelmese, ylalaşyga gaýdyp barmagyň mümkin bolmajakdygyny beýan etdi.

1771373
ABŞ Ylalaşyga Dolanmak Üçin Birnaçe Hepdäniň Galandygyny Beýan Etdi

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň resmilerinden biri telekonferensiýa ulgamy arkaly žurnalistlere Eýran bilen P5+1 ýurtlarynyň arasynda 2015-nji ýylda gol çekişilen we Eýranyň ýadro maksatnamasynyň öňüni almak hakyndaky Bilelikdäki iş maksatnamasy ylalaşygyna dolanyp gelmek boýunça geçirilýän gepleşikler hakynda maglumat berdi.

Resmi gepleşiklerde soňky sepgide ýetendiklerini we Eýran ýadro maksatnamasyny dowam edýändigi sebäpli bu tapgyryň wagtynyň azalandygyny beýan etdi.

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň resmisi; “Eýranyň ýadro maksatnamasyndaky ösüş depgini göz öňünde tutulanda ylalaşyk gazanmak üçin birnäçe hepdämiz bar. Şondan soň gynansagam ylalaşyga dolanyp barmak we ylalaşygyň bize berýän ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almagyň bähbitlerini yzyna getirmek mümkin bolmaz” diýdi.

ABŞ-nyň sanksiýalaryň bes edilmegi üçin degişli başlangyçlary etmäge taýardygyny nygtan resmi, Eýranyň ylalaşyga dolanyp gelmezligi saýlap alan halatynda bolsa; “Eger şeýle bolsa, reaksiýamyzy güýçlendirmeli bolarys we ol hem gysyşyň artydyrlmagy diýmekligi aňladýar” diýdi.

Eýran bilen BMG-niň Howpsuzlyk geňşiniň hemişelik 5 agzasy we Germaniýa 2015-nji ýylda Eýranyň ýadro ýaragy maksatnamasynyň öňüniň alynmagy boýunça ylalaşyga gol çekişipdi. Emma ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň 8-nji maýynda şol ylalaşykdan çekilendigini beýan edip, Eýrana agyr ykdysady sanksiýalar gpýupdy.

2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda iş başyna gelen Prezident Jo Baýden bolsa ilkinji işlerinden biri hökmünde döwlet Sektretarlygyna Eýranyň ýadro ylalaşygyna dolanyp barmak üçin gepleşikleri başlatmak boýunça görkezme beripdi.

2021-nji ýylyň aprelin başlan gepleşiklerden henize çenli netije alynmady.



Degişli Habarlar