Hindistanda fabrikde ýüze çykan ýangynda 4 adam ýogaldy
Hindistanyň Jaipur şäherinde fabrikleriň birinde bolan ýangynda 4 adam ýogaldy
1770482
Hytaýyň Global telewideniýe tory tarapyndan berilen habara görä, Jaipur şäherinde skipidarly ýagyň öndürilýän fabrikde ýüze çykan ýangynda 3-si çaga jemi 4 adam ýogaldy.
Ýerli metbugatda berilen habarda ýogalan çagalaryň binada işleýän we ýaşaýan bir maşgalanyň çagalarydygy habar berildi.
Ýangynyň gözegçilik astyna alynandygy aýan edildi.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany 33 Müň 970 Adama Ýetdi
Ysraýylyň harby goşuny 195 günden bäri Gaza Sektoryny bombalaýar.
Ysraýyl Bilen Hizbullahyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär
Ysraýyl, Liwanyň günortasynda ýerleşýän Hiýam etrapçasyna hüjüm gurady.