Demirgazyk Koreýa Balistiki Raketa Synagyny Geçirdi
Demirgazyk Koreýa soňky synagy bilen birlikde ýanwar aýynda 7 raketa synagyny geçirdi.
Demirgazyk Koreýanyň düýn Hwasong-12 kysymly uzak aralykly balistiki raketa synagyny geçirendigi habar berildi.
Demirgazyk Koreýanyň KJNA habarlar gullugynda berlen habarda, Hwasong-12 kysymly uzak aralykly balistiki raketanyň synagdan geçirlendigi nygtaldy.
Habarda, ýurduň demirgazyk günbatarynda geçirlen synagda goňşy ýurtlaryň howpsyzlygyna uly ähmiýet berlendigi bellenildi.
Ýaponiýanyň Goranmak ministrligine görä, 5 müň kilometr aralykly Hwasong-12 kysymly uzak aralykly balistiki raketalar Ýaponiýa we ABŞ-na çenli baryp bilýär.
Demirgazyk Koreýa soňky synagy bilen birlikde ýanwar aýynda 7 raketa synagyny geçirdi.
Degişli Habarlar
ÝB, Ysraýyla Guran Hüjümleri Sebäpli Eýrana Sanksiýa Goýar
Eýrana goýlan sanksiýalaryň göwrüminin giňeldilmegi barada kararyň kabul edilendigi nygtaldy.