ABŞ, Husileriň, Birleşen Arap Emirliklerine Guran Hüjümini Ýazgardy

“Husiler tarapyndan Abu Daba guralan soňky raketa hüjümini ýazgarýarys”

1771004
ABŞ, Husileriň, Birleşen Arap Emirliklerine Guran Hüjümini Ýazgardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň düýn Birleşen Arap Emirliklerine guran raketa hüjümini ýazgardy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, Twitterden beren habarnamasynda “Husiler tarapyndan Abu Daba guralan soňky raketa hüjümini ýazgarýarys” diýdi.

Praýs, Ysraýylyň Prezidenti Hersogyň sebitde durnuklylygyň goralyp saklanmagy maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine guraýan saparynyň çäginde Husileriň asuda ilata howp salýan hüjümlerini dowam etdirýändigini nygtady.

BAE-niň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Ýemendäki Husiler, Birleşen Arap Emirliklerine balistiki raketa hüjümini gurady.

Beýannamada, raketanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarlandygy bellenildi.



Degişli Habarlar