Russiýa Ukraina Serhedindäki we Belarusdaky Harby Güýçlerini Artdyrýar

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat Sekretary Jon Kirby Russiýanyň Ukraina serhedine ýakyn etraplardaky we Belarusdaky harby güýçlerini soňky 24 sagatda artdyrandygyny beýan etdi.

1769763
Russiýa Ukraina Serhedindäki we Belarusdaky Harby Güýçlerini Artdyrýar

Gündelik metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda maglumat beren Kirby, Ukraina serhedindäki wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy.

Kirby: “Ruslar soňky 24 sagatda ýurduň günbataryna we Belarusa uly mukdarda söweşjeň güýç getirmäge dowam etdi. İňňän uly mukdarlarda bolmasa hem belli mukdarda güýç getirmäge dowam edýändigini görýäris” diýdi.

Ukraina goranyş goldawyny bermäge dowam edýändiklerini gürrüň beren Kirby, Ukraina näme üçin howa goranyş ulgamyny bermändikleri hakyndaky soraga bosla; “Ukraina berilen ýaraglar hakynda giňişleýin maglumat bermekçi däl. Olar adybir ýaraglar boýunça hem gepleşikler dowam edermikä diýýärin. Bärden haýsydyr bir ýarag bermek ýa-da şol ýaragyň haçan gowşuryljakdygy hakynda aýdasym gelenok” diýdi.

Hüşgär ýagdaýa getirilen 8500 esger hakynda-da käbir maglumatlar beren Kirby, Owganystanyň we Yragyň basylyp alynmagyna gatnaşan 82-nji we 101-nji Awiadesant diwiziýalary, 4-nji pyýada dwiziýasyna tabynlykdaky bölümler bilen Arizonadaky, Tehasdaky, Luzianadaky we Jorjiadaky harby howa bazalarynyň taýarlyklydygyny beýan edi.



Degişli Habarlar