Demirgazyk Koreýanyň serhetlerini açandygy öňe sürüldi

Demirgazyk Koreýanyň koronawirus epidemiýasy sebäpli 2 ýyllyk berk karantin düzgünleriň durmuşa geçirilmeginden soň serhetlerini ýuwaş-ýuwaş açmaga başlandygy öňe sürüldi

1769176
Demirgazyk Koreýanyň serhetlerini açandygy öňe sürüldi

Demirgazyk Koreýanyň serhetlerini açandygy baradaky alamatlaryň Demirgazyk Koreýa degişli ýük otlylaryň Hytaýa tarap ýaňadandan başlamagy bilen görülendigi beýan edildi. 

Demirgazyk Koreýa bilen baglanşykly habarlar çap edýän "38 North" internet saýty, geçen hepde Ýalu derýasyny geçen Demirgazyk Koreýa degişli ýük otlusynyň, belli bir wagt soň Hytaýdan gaýdyp gelendigini we serhet zolagyndaky Uiža şäherçesindäki howa menzilinde ýüklerni boşaldandygyny aýan etdi. 

Emma Günorta Koreýaly resmiler, Demirgazygyň Hytaý bilen guryýer söwdasyny dolulygyna açyp-açmandygyny entek anyk däldigini beýan etdi. 

Günorta Koreýanyň mediasy, Demirgazygyň häzirki lideri Kim Çen Ynyň kakasynyň öňümizdäki aý boljak dogulan gününiň 80 ýyllygynynda we ýurdy esaslandyran atasynyň aprel aýynda boljak dogulan gününiň 110 ýyllygynynda beriljek resmi dynç alyş günlerinde halka sowgat beriljek azyk we gündelik durmuş üçin gerek bolan zatlary almak üçin Sinuižu bilen Hytaýyň Dandong şäherleriniň arasyndaky demir ýol gatnawyny wagtlaýyn häsýetde açan bolup biljekdigini öňe sürdi. 

Demirgazyk Koreýa koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 2 ýyl bäri serhetleriň ýapylmagy bilen birlikde berk öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirýär. 

 



Degişli Habarlar