Çehiýa Ukraina 4 müňden gowrak topuň okuny ugradar
Çehiýa raýdaşlygyň çäginde Ukraina 6 müň 6 sany topuň okuny ugradar

Çehiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, ýurdyň Ukraina sowgat hökmünde 4 müň 6 sany 152 kalibrlik topuň okuny ugratjakdygy habar berildi.
Goranmak ministri Ýana Çernohowa Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugat işgärlerine beren beýanatynda: "Ukraina bilen hyzmatdaşlygymyzy uzak möhletleýin we demokratiýa ýolunda goldawymyzy dowam etdirýäris. Syýasy we diplomatik ýollara goşmaça ýagdaýda, şeýle hem bu ok-därileriň berilmegi ýaly anyk goldawlar bilen kömek berýäris. Muny möhüm raýdaşlyk alamaty diýip pikir edýäris" diýip mälim etdi.
Çehiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Ýakub Faýnor bolsa resmi Kiýewiň kömek sorandygyny belläp: "Sowgadyň Russiýanyň Ukraina serhedi boýunça uly harby güýç üýşürmeginden soň Ukrainanyň goranyşyny güýçlendirmegine kömek bermek maksady bilen amala aşyryldy" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar

Sil Apaty Hindistanda we Bangladeşde Gündelik Durmuşa Ýaramaz Täsirini Ýetirýär
Hindistanda we Bangladeşde sil sebäpli azyndan 57 adam ýogaldy.

Nýu-Ýorkda Ilkinji Gezek Maýmyn Gülü Wirusyna Gabat Gelindi
Wirusa ýoluganlaryň sanynyň öňümizdäki aýlarda Ýewropada artyp biljekdigi barada duýduryş berildi.