Jo Baýden, 31-nji Ýanwarda Ak Tamda Kataryň Emiri Bilen Duşuşar

Baýden 31-nji ýanwarda Emir Şyh Sanini Ak Tamda myhman almak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýar

1768405
Jo Baýden, 31-nji Ýanwarda Ak Tamda Kataryň Emiri Bilen Duşuşar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 31-nji ýanwarda Ak Tamda Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani bilen duşuşar.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Psaki, beren ýazmaça beýannamasynda, Baýdeniň 31-nji ýanwarda Emir Şyh Sanini Ak Tamda myhman almak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny mälim etdi.

Psaki, Baýden bilen Al Saniniň özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşjakdygyny nygtady.

Psaki “Baýden, ABŞ-nyň raýatlarynyň we owgan hyzmatdaşlarymyzyň Owganystanda howpsyz ýagdaýda çykarylmagynyny üpjün edendigi sebäpli Al Sana minnetdarlyk bildirer” diýdi.


Etiketkalar: #Jo Baýden , #Katar , #Al Sani , #Ak Tam

Degişli Habarlar