Günort Koreýa Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyny geçirendigini habar berdi

Günort Koreýa Demirgazyk Koreýanyň ballistik bolmak ähtimallygy ýokary bolan iki sany raketa synagyny geçirendigini habar berdi

1769156
Günort Koreýa Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyny geçirendigini habar berdi

Günorta Koreýanyň Baş ştaby tarapyndan berilen beýanatda, raketalaryň Demirgazyk Koreýanyň gündogaryndaky Hamhung sebitinden Ýaponiýa deňizine tarap ýerli wagt bilen sagat 08:00-da uçurylandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "20 km beýiklikde 190 km uçan gysga menzilli raketalaryň ballistik bolmak ähtimallygy ýokary" diýip habar berildi. 

Ýaponiýanyň hökümedi, raketalaryň Ýaponiýa deňizine milli aýratyn ykdysady zolagyň daşyna gaçandygy aýan edildi. 

Synagy şowsuz hökmünde häsýetlendiren Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio, Demirgazyk Koreýanyň harby göçümlerini gözegçilik etmäge dowam etjekdiklerini habar berdi. 

Kýodo habarlar agentligi soňky synaglar bilen birlikde Demirgazyk Koreýanyň 2022-nji ýylyň başyndan bäri 6 raketa synagyny geçirendigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar