Fransiýada Guş Dümewi Ýaýramaga Dowam Edýär

Fransiýada pandemiýanyň başlamagyndan bäri 2,5 million guşuň ýok edilendigi habar berildi.

1769202
Fransiýada Guş Dümewi Ýaýramaga Dowam Edýär

Oba hojalyk ministrliginden berilen beýannamada ýurtda 280 guş fermer hojalygynda guş dümewiniň anyklanandygy, pandemiýanyň sentýabr aýynda başlamagyndan bäri 2,5 million guşuň ýok edilendigi habar berildi.

Şol mukdaryň geçen ýylyň degişli döwrüne görä azdygy beýan edilip, fermer hojalyklarynyň eýeleriniň çeken ýitgileriniň öweziniň dolunjakdygy nygtaldy.

Beýannamada pandemiýada guş eti pudagynyň zyýanly täsiriniň ýetmändigi, fransuz halkynyň guş etini we ýumurtgany howpsuz sarp edip biljekdigi habar berildi.

Oba hojalyk ministri Žulian Denormandi guş dümewine netijeli sanjym tapmak üçin barlaglaryň depgininiň ýokarlandyrylmalydygyny, geljek hepdelerde 2 sansym synagynyň başlajakdygyny aýtdy.

Fransiýada noýabr aýynyň başynda guş dümewi howpunyň artandygy habar berilip, pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin guş fermer hojalyklarynda karantin yglan edilipdi

Ýurtda geçen ýyl guş dümewi pandemiýasynda 3,5 million guş öldürilipdi.



Degişli Habarlar