Demirgazyk Koreýa Gytlyk Howpy Abanýar

Gytly howpuna sezewar bolan Demirgazyk Koreýa Oba hojalyk ministrligine özgertme girizdi.

1768778
Demirgazyk Koreýa Gytlyk Howpy Abanýar

“NK Nýus” internet saýtynyň habar bermegine görä Demirgazyk Koreýanyň Zähmetkeşler partiýasynyň resmi neşirýaty “Rodonh Sinmunda” çap edilen maglumatda Ýokary halk Mejlisiniň Hemişelik komitetiniň 21-nji ýanwarda oba hojalyk syýasty boýunça özgertme kararyny kabul edendigini ýazdy.

Şol özgertmä görä azyk syýasaty ileri tutulyp, ýurtdaky Oba hojalyk ministrligi, Oba hojalyk komissiýasyna öwrüldi.

Özgertmäniň jogärpçiligi bolsa ministrler kabineti bilen “degişli guramalaryň” üstüne ýüklendi.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli  girizilen çäklendirmeler we 2020-nji ýylyň ahyrynda başdan geçirilen sil apatlary zerarly uly ýitgi çeken Demirgazyk Koreýanyň azyk gytlygy howpuny başdan geçirýändigi habar berilýär.

BMG-niň Demirgazyk Koreýa boýunça ýörite bilermeni Tomas Ohea Kuintana 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Demirgazyk Koreýada gytlyk howpy sebäpli käbir sanksiýalaryň gowşadylmagy üçin çagyryş edipdi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi ýadro maksatnamasy sebäpli Demirgazyk Koreýa 2006-njy ýyldan bäri ykdysady we harby sanksiýalar goýup gelýär.



Degişli Habarlar