“Ukraina-Russiýa Çaknyşan Halatyna, Horwatiýa NATO-daky Ähli Esgerlerini Çeker”
“Ukrainanyň NATO-da ýeri ýok” diýen Horwat lider, “Ukraina ykdysady taýdan ösmeýär we yza galak ýurtlaryň hataryna girdi” diýdi.

Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiç, Ukraina bilen Russiýa çaknyşan halatynda, Horwatiýanyň NATO-daky ähli esgerlerini çekjekdigini aýtdy.
Prezident Milanowiç Zagrebde beren beýannamasynda Ukraina bilen Russiýanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyk hakynda durup geçdi.
Milanowiç “Bu ýagdaýyň hakyky günäkäri ýok emma kimiň ýitgi çekjekdigi açyk aýdyň belli. Şol sebäpli hem Horwatiýa we horwat goşuny hiç hili söweşe goşulmaz” diýdi.
NATO-nyň “sebite goşmaça horwat esgeriniň ugradylmagy baradaky talaby” hakynda hem durup geçen Milanowiç, “Men horwat goşunynyň serkerdebaşysy. Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky çaknyşyk möwjän halatynda horwat goşunynyň ähli agzalaryny yzyna çekeriz. Sebitde horwat goşunynyň iş alyp barmagyny islemeýärin” diýip belledi.
Bu kararyň Ukraina ýada Russiýa bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny nygtan Milanowiç, “Karymyz ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet we Amerikanyň içerki syýasaty bilen arabaglanşykly” diýdi.
“Ukrainanyň NATO-da ýeri ýok” diýen Horwat lider, “Ukraina ykdysady taýdan ösmeýär we yza galak ýurtlaryň hataryna girdi” diýdi.
Degişli Habarlar

Sil Apaty Hindistanda we Bangladeşde Gündelik Durmuşa Ýaramaz Täsirini Ýetirýär
Hindistanda we Bangladeşde sil sebäpli azyndan 57 adam ýogaldy.

Nýu-Ýorkda Ilkinji Gezek Maýmyn Gülü Wirusyna Gabat Gelindi
Wirusa ýoluganlaryň sanynyň öňümizdäki aýlarda Ýewropada artyp biljekdigi barada duýduryş berildi.