Nawalnyý Terror Sanawyna Goşuldy

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý Russiýada terrorizm bilen we radikalizm bilen baglanşykly adamlaryň sanawyna goşuldy.

1768052
Nawalnyý Terror Sanawyna Goşuldy

Russiýanyň Federal maliýe gözegçilik hyzmatlary gullugynyň çap eden sanawynda ýurtda terrorizme we radikalizm bilen arabaglanşylydygy öňe sürülýän adamlar hem-de guramalar hakyndaky maglumatlara orun berildi.

Nawalnyýnyň degişli bolan sanawynda, Nawalnyý bilen iş alyp barýandygy bilinýän käbir oppozisionerleryň hem ady bar.

Rus derňew topary 20-nji oktýabrda Nawalnyý hakynda “radikal topar döredendigi we ony dolandyrandygy” sebäpli derňew işiniň başladylandygyny habar beripdi.

Oppozisioner Alekseý Nawalnyý zäherlenendigi sebäpli Germaniýanyň paýtagty Berlinde bejergi alandan soň 17-nji ýanwarda Moskwa baradan soň howa menzilinde tussag edilipdi.

Russiýanyň Federal tussaghana gullugynyň talabyna laýyklykda 2-nji fewralda Moskwanyň şäher kazyýetinde Nawalna garşy gozgalan jenatat işi tamamlanyp, kazyýet Nawalnyýnyň geçmişde galplyk işi sebäpli berilen 3,5 ýyl yza süýşürilen tussaglyk jezasyny, kazyýet gözegçiligi şertlerini ýerine ýetirmändigi sebäpli adaty tussaglyk jezasyna öwüripdi.

Russiýanyň derňew topary döreden Galplyklara garşy göreş Gaznasynyň adam hukuklarynyň kadalaryny bozandygy sebäpli Nawalnyý hakynda täze bir derňew işiniň başladylandygyny 11-nji awgustda habar beripdi.

Gazna kazyýetiň karary bilen 31-nji awgustda ýapylypdy.

 



Degişli Habarlar