ABŞ-nyň Florida ştatynyň suw giňişiginde gaýyk batdy

ABŞ-nyň Florida ştatynyň suw giňişiginde gaýygyň batmagy netijesinde 39 adam dereksiz ýitdi

1768591
ABŞ-nyň Florida ştatynyň suw giňişiginde gaýyk batdy

ABŞ-nyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan berilen beýanatda, Fort-Pirs-Inlet diýilýän ýerden takmynan 72 km alysda ters öwrülen gaýygy tutup duran 1 adamyň halas edilendigi mälim edildi. 

Beýanatda halas edilen adamyň ýaramaz howa şertleri sebäpli agdarylan gaýykda özünden başga ýene-de 39 adamyň bolandygyny we adamlaryň hiç birinde halas ediş gursakçasynyň bolmandygyny habar berdi. 

ABŞ-nyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň wakanyň adam söwdasy bilen baglanşykly bolmak bilen şübhelenilýändigi bellenen beýnatda, Bagama adalaryndan şenbe güni agşam ýola çykan gaýykdaky galan 39 adamyň gözleg we halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigi barada maglumat berildi. 


Etiketkalar: #Florida ştaty , #ABŞ

Degişli Habarlar