Eýranda 9-12 Ýaş Aralygyndaky Çagalara Kovid-19 Sanjymy Ediler
Eýran, sanjymlama etabynda Sinopharm, Sputnik W we AstraZeneja bilen birlikde ýerli COVIRAN Bereket sanjymyny ulanýar.
1766749

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi 9-12 ýaş aralygyndaky çagalara koronawirus sanjymynyň edilmegine rugsat berdi.
Eýranyň döwlet telewideniýesine beýannama beren Tähranyň şäher häkimi Muhsin Mansuri, “Koronawirusa garşy milli göreş geňeşiniň kararyna laýyklykda 9-12 ýaş aralygyndaky çagalara Kovid-19 sanjymy ediler” diýdi.
Eýran, sanjymlama etabynda Sinopharm, Sputnik W we AstraZeneja bilen birlikde ýerli COVIRAN Bereket sanjymyny ulanýar.
Degişli Habarlar

“Ukrainanyň Howa Güýçlerine Degişli 3 Sany Su-25 Kysymly Harby Uçary UrUp Düşürdük”
Igor Konaşenkow, rus goşunynyň 24-nji fewralda başladan hüjümleri hakynda maglumat berdi.