ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasynda işleýän işgärleriň maşgalalaryny Ukrainadan çykarjakdygy öňe sürüldi

ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasynda işleýän işgärleriň maşgalalaryny Ukrainadan çykarmak barada görkezme berendigi öňe sürüldi

1766972
ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasynda işleýän işgärleriň maşgalalaryny Ukrainadan çykarjakdygy öňe sürüldi

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlygy peseltmek üçin bir tarapdan diplomatik tagallalar alyp barýan, beýleki tarapdan bolsa Ukrinanyň goşunyna ýarag taýdan goldaw berýän ABŞ-nyň ýurtdaky diplomatik missiýasy bilen bagly ädimler edendigi öňe sürüldi. 

Amerikan FOX telewideniýe kanalynyň amerikaly resmileriň birine esaslanyp beren habarynda, Daşary işler ministrliginiň Kiýew şäherindäki ilçihansynda işleýän işgärleriň maşgalalarynyň ertir duşenbe gününden başlap Ukrainadan çykarmak barada görkezme berendigi öňe sürüldi. 

Habarda resmileriň Ukrainada bolan Amerikan raýatlarynyň hem ýurdy terk etmek barada maslahat berjekdigi mälim edildi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy mesele bilen bagly entek resmi beýanat bermedi. 

Döwlet sekretarlygyndan resmileriň biri, mesele bilen bagly beren ýazmaça beýanatynda, bu tapgyrda mesele bilen bagly edilip bilinjek bir beýanatyň bolmandygyny habar berdi.  

Resmi: "Howpsuzlyk ýagdaýynyň erbetleşmek ähtimallygyna garşy hemişeki ýaly adatdan daşary ýagdaý meýilnamasyny amala aşyrýarys" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #görkezme , #ilçihana , #Kiýew , #ABŞ

Degişli Habarlar