ABŞ-da Geçirilen 3 Ylmy Barlagda Goşmaça Koronawirus Sanjymlarynyň Netijeliligi Tassyklandy

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň geçiren 3 ylmy barlagy Kowid-19-yň “Omikron” wariantyna garşy iň ýerlikli gorag usulynyň üçünji doza sanjymlar bolandygyny ýüze çykardy.

1766720
ABŞ-da Geçirilen 3 Ylmy Barlagda Goşmaça Koronawirus Sanjymlarynyň Netijeliligi Tassyklandy

Amerikanyň 10 ştatynda 88 müňe barabar kesellide geçirilen barlagda 2021-nji ýylyň dekabry bilen 2022-nji ýylyň ýanwarynda üçünji doza sanjymlamanyň keselhanada bejergi alynmagyny 90 göterim azaldandygy, ikinji doza sanjymdan 6 aý geçmeginden soň onuň gorag täsiriniň 57 göterime düşýändigi anyklandy.

Saglygy goraýyş edaralarynyň 10 ştatda 200 müňden gowrak kesellide geçiren ikinji barlagda goşmaça sanjymlaryň Kowid-19-dan gyssagly bejergi bölümine alynyp gidilmeginiň öňüni almakda 82 göterim peýdalydygy netijesi tapyldy.

Şol barlagda, onuň ikinji doza sanjymlaryny 6 aý ýe-da ondan ir etdiren adamlarda keselhanada bejergi alynmagynyň öňüni 38 göterim alýandygy ýüze çykdy.



Degişli Habarlar