Ýewropada Türk Inženerleriniň Dizaýn Eden Ulagy Şäher Gatnawynda Peýdalanylar

Ýewropada ilkinji gezek türk inženerleri tarapyndan dizaýn edilen elektrik togy bilen işleýän sürüjisiz awtobus şäher gatnawynda peýdalanylar.

1766710
Ýewropada Türk Inženerleriniň Dizaýn Eden Ulagy Şäher Gatnawynda Peýdalanylar

Türk firmasy “Karsan” tarapyndan öndürilen uzynlygy 8 metre barabar bolan awtobusyň Norwegiýanyň Stawanger şäherinde “Forus Busines Parkdaky” synag sürüşlerine başlandy.

21 sanysy kürsüli, 50 adam üçin niýetlenen ulag, aprel aýyndan soň Stawanger şäheriniň merkezinde jemgyýetçilik gatnaw ulgamynda 2 ýylyň dowamynda synagdan geçiriler.

Synaglarda merkezi Norwegiýada ýerleşýän “Applied Autonomy” firmasy tarapyndan öndürilen awtonom ulag gözegçilik tehnologiýasyndan hem peýdalanylar.

Şeýlelikde Ýewropada ilkinji gezek 4-nji derejeli awtonom özbolyşlyklara eýe awtobus, jemgyýetçilik gatnaw ulgamyna goşulyp, şäher ýol gatnawynda peýdalanylar. Synag taslamasy bilen awtonom awtobus ulanmagyň şäher ýol hereketine goşýan goşandy kesgitlener.

Ssenagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warank Twitter hasabyndan ulag hakynda habarnama berdi.

Ulagy öndüren firmany gutlan Warank; “Tehnologiýa başlangyjynyň buýsançly günlerinden ýene-de biri! Ýewropada ilkinji gezek sürüjisiz awtobus jemgyýetçilik gatnaw ulagmyna goşulyp, şäher gatnawynda peýdalanylar” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar