Arap Koalisiýasy Ýemende Tussaghanany Nyşana Aldy

Howa hüjümine 100-den gowrak adamyň ýogalandygy habar berildi

1766588
Arap Koalisiýasy Ýemende Tussaghanany Nyşana Aldy

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky Arap Koalisiýasy, Ýemeniň Sada şäherindäki Al Merkezi tussaghanasyny nyşana aldy.

Howa hüjümine 100-den gowrak adamyň ýogalandygy we ýaralananlaryň bardygy habar berildi.

Sadanyň häkimi, nyşana alynan tussaghanada 2 müň tussaglynyň bardygyny we harabaralygyň aşagynda köp sanly adamyň galandygyny aýtdy.

Arap Koalisiýasynyň Hudeýde şäherinde hem telekomunasiýa merkezini nyşana alandygy we ýurtda internediň kesilendigi nygtaldy.

Soňky 2 günde Sada, Hudeýde we günorta Marib şäherlerinde guralan hüjümlerde 150 husi ýogaldy.



Degişli Habarlar