Russiýa we Hytaý Phenýana Sanksiýa Goýulmagyna Ýol Bermedi

Russiýa we Hytaý BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň resmi Pýehýanyň soňky ballistiki raketa synaglaryna jogap hökmünde koreýaly 5 adama sanksiýa goýulmagyna ýol bermedi.

1766363
Russiýa we Hytaý Phenýana Sanksiýa Goýulmagyna Ýol Bermedi

Soňky iki hepdäniň dowamynda 4 ballistiki raketa atan Demirgazyk Koreýanyň ýarag we raketa maksatnamasyny enjam bilen üpjün edýän 5 adama sanksiýa goýmak üçin geçirilen BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda ABŞ geňeşiň 15 agzasyny şeýle synaglaryň Geňeşiň kararlaryna bap gelmeýändigini ýatladýan we resmi Phenýany BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň borçlaryny berjaý etmäge çagyrýan gysgaça metbugat beýannamasyny tassyklamaga çagyrdy.

Geňeşiň maslahaty metbugata ýapyk häsýetde geçirilendigi üçin atlarynyň agzalmagyny islemedik diplomatlar Hytaýyň ähli beýannama garşy durandygyny beýan etdi.

ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik Wekili Linda Tomas-Grinfild maslahatdan ozal žurnalistlere 8 ýurduň adyndan Demirgazyk Koreýanyň pozisiýasyny halkara parahatçylyga we howpsuzlyga abanýan wehim hökmünde häsýetlendirýän beýannamany okady.

Beýannamada Demirgazyk Koreýanyň raketa synaglarynyň hökümetiň köpçülikleýin gyryş ýaraglary we ballistiki raketa maksatnamalaryny her şertde dowam etmekde ygrarlydygyny görkezýändigi nygtalýar.

Tomas-Grinfild Demirgazyk Koreýanyň 5 raýatyna sanksiýa goýulmagyna garşy duran ýurtlaryň Demirgazyk Koreýa uly goldaw berendigini aýtdy.



Degişli Habarlar