Russiýa ABŞ-dan we NATO-dan Jogaba Garaşýar

Russiýa ABŞ-dan we NATO-dan howpsuzlyk bilen bagly tekliplerine beriljek jogaba garaşýandygyny beýan etdi.

1766436
Russiýa ABŞ-dan we NATO-dan Jogaba Garaşýar

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow paýtagt Moskwada žurnalistlere beýannama berdi.

ABŞ-na we NATO howpsuzlyk kepillikleri bilen bagly teklipleri öz içine alýan ylalaşyk taslamasyny dekabr aýynda gowşurandyklaryny ýatladan Peskow, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiren duşuşygy hakynda beýanat berdi.

Blinkeniň Russiýa şol tekliplere ýazmaça jogap getirmändigine ünsi çeken Peskow; “Blinkeniň jogap getirmejekdigini öňünden bilýärdik. Bu duşuşygy başga maksady bar. Lawro bilen Blinkeniň pikir alyşmağy hem-de howpsuzlyk boýunça geçirilen üç tapgyr gepleşigiň netijelerini seljermek üçin şert döretmegini tama edýäris” diýdi.

Peskow: “İlkinji başlangyçlar edildi. Gepleşikler geçirildi, geňeşmeler dowam edýär. Biziň aladalarymyza nähili jogabyň beriljekdigi başga mesele. Gelejek günlerde şuňa garaşýarys” diýdi.

Türkiýäniň Ukraina meselesini çözmek ugrundaky başlangyçlary hakynda-da durup geçen Peskow: “Ankaradan berilen beýanatlary eşidýäris. Ýene-de bir gezek gaýtalasym gelýär: Ukrainadaky meseläni çözmek ugrundaky ähli başlangyja kanagatlanma bildirýäris” diýdi.



Degişli Habarlar