Eýran, Russiýa we Hytaý Bilelikde Türgenleşige Başlady

Eýranyň, Russiýanyň we Hytaýyň deňiz flotlary Hindi okeanynyň demirgazygynda giň gerimli harby türgenleşige başlady.

1766201
Eýran, Russiýa we Hytaý Bilelikde Türgenleşige Başlady

Eýranyň resmi harbar gullugy “IRNA-nyň” mälim etmegine görä “2022 Deňiz howpsuzlyk kemeri” atlandyrylýan türgenleşik, “Bilelikde parahatçylyk we howpsuzlyk üçin” şygary bilen Hindi okeanynyň demirgazygynda 17 müň inedördül kilometrlik meýdanda geçirilýär.

Eýranyň deňiz floty we Ynkylap goragçylarynyň goşunyna degişli harby gämiler bilen howa güýçleriniň gatnaşmagyndaky türgenleşige Russiýa bilen Hytaý logistiki goldaw gämileri bilen gatnaşýar.

Türgenleşigiň metbugat merkeziniň sekretary Mustafa Tajeddini Babul Mendeb, Malakka we Ormoz bogazy ýaly esasy suw geçelgeleri bilen bolan arabaglanşygy sebäpli Hindi okeanynyň demirgazygynyň iňňän möhümdigini nygtap; “Bu türgenleşik altyn üçburçlyk atlandyrylýan we dünýäniň söwda gatnaşygy taýdan möhüm ähmiýetli sebitde üç ýurduň bähbitlerini goramak we durnukly deňiz howpsuzlygyny üpjün etmek üçin bilelikdäki tagalladyr” diýdi.

Türgenleşikde ýanýan gämini halas etmek, zamun alynan gämini boşatmak, kesgitlenen nyşanalara we gije howa nyşanalaryna od açmak ýaly dürli taktiki operasiýalaryň geçiriljekdigini beýan eden Tajeddin, halkara deňiz söwdasynyň howpsuzlygynyň güýçlendirilmeginiň, deňiz terrorizminine we garakçylara garşy göreşiň, gözleg we halas ediş boýunça maglumat alyşmagyň türgenleşigiň esasy maksatlary bolup durýandygyny aýtdy.

Eýran, Russiýa we Hytaý “Deňiz howpsuzlyk kemeri” ady bilen üçünji türgenleşigini geçirýär.

Adybir türgenleşigiň ilkinjisi 2019-njy ýylyň dekabrynda geçirilipdi.

 



Degişli Habarlar