Zelenskiý Entoni Blinken Bilen Duşuşdy

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý Kiýewde ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy.

1765480
Zelenskiý Entoni Blinken Bilen Duşuşdy
stoltenberg.jpg

Zelenskiý Twittrerden beren habarnamasynda ýrudunyň etrabyndaky dartgynlygyň azaldylmagy boýunça Blinkeniň tagallasyna kanagatlanma bildirdi.

ABŞ-nyň syýasy we howpsuzlyk taýdan berýän goldawyna minnetdarlyk bildiren Zelenskiý Ukrainasyz, Ukraina hakynda karar kabul edilmejekdigine doly ynananýandygyny beýan etdi.

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg hem Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, alýansyň goldawyny beýan etdi.

Stoltenberg Zelenskiý bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligi hakynda sosial media ulgamyndan habarnama berdi.

Zelenskä “Russiýadan howpa garşy Ukraina NATO-nyň güýçli goldawyny beýan edendigini” habar beren Stoltenberg, NATO-nyň ýaranlarynyň Russiýa dartgynlygyň azaldylmagy üçin gyssagly çagyryş berendigini beýan etdi.

Ýens Stoltenberg: “Biz Russiýa bilen ýaňadandan dialoga başlamak üçin taýar, emma esasy ýörelgelerimizden egilşik etmeris” diýdi.



Degişli Habarlar