Afrinde 800 Tunel Tapyldy

“Parahatçylyk Çeşmesi” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy zolagynda häzire çenli gazan 2 müň 200 tuneli tapyldy.

1764857
Afrinde 800 Tunel Tapyldy

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Siriýanyň demirgazygyndaky Afrinden çykarylmagyndan soň 4 ýylda jemi 800 tunel tapyldy.

Afrin 4 ýyl ozal Türk ýaragly güýçleriniň guran “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen terrordan saplanypdy.

Sebitde şu günki güne çenli terrorçylar tarapyndan gazylan 800 tunel tapyldy.

TRT Haber, daglyk meýdanda terrorçylaryň gazan tunelleri hakynda ýörite gepleşik taýarlady.

Afriniň aşagynda göýä diýersiň ýerasty şäherini guran terrorçylaryň gazan tunelleriniň bir bölegine uly ulag hem girip bilýär.

300 kilometr uzynlygynda we bir bölegi labirent görnüşinde bolan 800 tunelde ulanylan betonlar fransuz sement fabrigi Lafarge tarapyndan öndürlipdir.

Terrorçylar şol tunelleri ammar, gaçybatalga we hüjüm maksatly ulandy.

Ekstremist terror guramasynyň “Parahatçylyk Çeşmesi” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy zolagynda häzire çenli gazan 2 müň 200 tuneli tapyldy. Şol tunelleriň jemi uzynlygy bolsa 600 kilometre çenli baryp ýetýär.

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýazy zolagynda 1400, Afrinde bolsa 800 tunel tapyldy.



Degişli Habarlar