ÝB Ukraina goldaw berdi

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Žozep Borrel, Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, bu ýurda berýän goldawyny tassyklap geçdi.

1765293
ÝB Ukraina goldaw berdi

Žozep Borreliň ofisi tarapyndan berilen beýanata görä, Borrel bilen Kulebanyň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň Ýewropanyň howpsuzlygynyň adaty ýörelgelerine zyýan ýetirmek bilen bagly başlangyjy barada halkara diplomatik tagallalar barada pikir alyşdy. 

Žozep Borrel Fransiýanyň Brest şäherinde geçen hepde geçen ÝB-niň resmi däl Daşary işler we Goranmak ministrleriniň maslahaty bilen birlikde, ABŞ we NATO bilen geçirilen gepleşiklerden soň, Ukraina berýän goldawlaryny tassyklap geçendiklerini beýan etdi. 

ÝB-niň Russiýa dartgynlygy azaltmak we Ukraina serhedinden esgerlerini çekmek baradaky çagyryşlaryny dowam etdirjekdiklerini aýdan Žozep Borrel, Ukrainanyň hem sowukganly pozisiýasyna kanagatlanma bildirdi. 

Telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Ukrainanyň Döwlet edaralaryna guralan kiber hüjümler hem maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar