Ukraina: "Russiýa raýatlaryny goramak bahanasy bilen dartgynlygy artdyrmak üçin bahana gözleýär"

Wladimir Zelenskiý, Amerikan senatorlar bilen Kiýew şäherinde duşuşyk geçirdi

1764244
Ukraina: "Russiýa raýatlaryny goramak bahanasy bilen dartgynlygy artdyrmak üçin bahana gözleýär"

Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Ukrainanyň wagtlaýyn häsýetde anneksiýa eden topraklarynda halka pasport bermäge dowam edip, rus raýatlaryny goramak bahanasy bilen dartgynlygy artdyrmak üçin bahana gözleýändigini habar berdi. 

Ukrainanyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanata görä, Zelenskiý Emi Klobuşar, Robert Portman, Kris Merfi, Jin Şahin, Riçard Blýumental we Rojer Uiker ýaly senatorlardan ybarat Amerikan senatorlar bilen Kiýew şäherinde duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykda Zelenskiý, ýurdunyň sezewar galan howpsuzlyk kynçylyklaryna ABŞ-nyň Kongresiniň Ukrainanyň halkyna berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Ukrainanyň serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýy barada delegasiýa maglumat beren Zelenskiý, Russiýa garşy öňüni alyş sanksiýa bukjasynyň taýarlanmagynyň gerekdigine ünsleri çekdi. 

Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý duşuşykda, Russiýanyň Ukrainanyň wagtlaýyn häsýetde anneksiýa eden topraklarynda halka pasport bermäge dowam edip, rus raýatlaryny goramak bahanasy bilen dartgynlygy artdyrmak üçin bahana gözleýändigini habar berdi. 

Amerikaly senatorlar hem Ukrainanyň garaşsyzlygyna we territorial bütewiligine goldaw berýändiklerini belläp, ýurdunyň garaşsyz ýagdaýda öz howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýoluny saýlap bilmek hukugynyň bardygyny beýan etdiler. 



Degişli Habarlar