ÝB we PAHG wekilleri 6 ýyl arakesmeden soň maslahat geçirerler

Taraplar soňky maslahatyny 2016-njy ýylyň 18-nji iýulynda geçiripdiler

1764414
ÝB we PAHG wekilleri 6 ýyl arakesmeden soň maslahat geçirerler

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) we Pars aýlagy hyzmatdaşlyk geňeşiniň (PAHG) wekilleri 6 ýyl arakesmeden soň 21-nji fewralda Hyzmatdaşlyk geňeşiniň we Ministrler maslahatynyň geçirilmegi maksady bilen Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde özara maslahat geçirerler.  

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borreliň ofisi tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Borrel, Pars aýlagy hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýif al-Hajraf bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykda ýaşyl we sanly geçiş, klimat çalşygy we terrora garşy göreş ýaly global kynçylyklar maslahatlaşyldy, 26-njy Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) we Pars aýlagy hyzmatdaşlyk geňeşiniň (PAHG) Hyzmatdaşlyk geňeşi we Ministrler maslahatynyň 21-nji ýanwarda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilmegi barada karara gelindi. 

Beýanatda duşuşygyň Borreliň sebite guran saparynyň çäginde eden çakylygyna laýyklykda geçirilendigi habar berildi. 

Taraplar soňky maslahatyny 2016-njy ýylyň 18-nji iýulynda geçiripdiler. ÝB 2017-nji ýylda ýüze çykan Pars aýlagy krizisiniň geçen ýyl tamamlanmagyndan soň, sebitiň ýurtlary bilen gatnaşyklaryny berkitmäge ähmiýet berdi. 

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrel şonuň çäginde 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda sebite sapar gurapdy. 



Degişli Habarlar