Stoltenberg Çözgüt Üçin Russiýanyň Işe Girişmelidigini Aýtdy
NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenberg Gündogar Ýewropadaky çykgynsyzlyga çözgüt tapylmagy üçin indi başlangyç etmeli tarapyň Russiýadygyny aýtdy.
1763970
Stoltenberg Belgiýanyň patagty Brýusselde netijesiz galan NATO-Russiýa gepleşikleri hakynda Kanadanyň “JBJ Nýus” ýaýlymyna interwýu berdi.
Donbass meselesinde diplomatik çözgüdiň Ukraina däl, eýsem Russiýa baglydygyny beýan eden Stoltenberg; “Agressiw tarap Russiýa. Eger şeýle bolsa, ejir çekýän tarapyň dartgynlygy köşeşdirmäge synanşmagyna garaşmak hakykata bap gelmez” diýdi.
“Ylalaşyk tapmak henizem mümkin” diýen Stoltenberg: “NATO Russiýanyň aladalaryny hem diňlemäge taýar, emma dartgynlygy azaltmak Russiýa bagly” diýdi.
Stoltenberg Russiýa Ukraina harby hüjüm guran halatynda onuň syýasy we ykdysady netijesiniň agyr boljakdygyny nygtady.